Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restoranynda täzelenen tomus tagamnamasy hödürlenýär

10:2310.07.2024
0
11108

Aşgabatdaky meşhur «Dejavu» fransuz restoranynyň tagamnamasynda täze tomus tagamlary peýda boldy. Binanyň baş-aşpezi myhmanlar üçin tomus möwsüminiň ýeňilligini we serginligini şöhlelendirýän birnäçe täze tagamlary taýýarlady.

Tagamnamanyň ähli bölümlerine degişli bolan tagamlarda täzeçillikleri görmek bolýar. Bu ýere gelýänler işdäaçarlaryň, salatlaryň, çorbalaryň we gyzgyn tagamlaryň arasynda täze görnüşlere baha berip bilerler. Olarda möwsümleýin goşundylary we ýeňil tomus tagamlaryny ulanmaga aýratyn üns berlipdir.

Süýjülik tagamlarynyň tagamnamasy hem üýtgewsiz galmady. Aşpez günortanlyk ýa-da agşamlyk nahary üçin ajaýyp jemlemä öwrüljek birnäçe täze süýjülikleri taýýar etdi.

Täze tagamnama «Dejavu» restoranynyň myhmanlary üçin eýýämden elýeterli bolup, binanyň ýolbaşçylary bu täzeçillikler tomus möwsüminde ajaýyp fransuz aşhanasyndan lezzet almak isleýän hemişeki müşderileriň-de, täze myhmanlaryň hem göwnünden turar diýip umyt edýärler.

Restoranyň iki sany giň zalynyň bardygyny ýatladýarys. Binanyň ikinji gatyna 80 adam, üçünji gatyna bolsa 100 adam ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň