Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» daşary ýurtly hyzmatdaşlary hyzmatdaşlyga çagyrýar

11:2608.07.2024
0
8288

«Rowachpack» haryt nyşany astynda ýokary hilli polipropilen gaplary öndürmeklige ýöriteleşen «Rowachlan Galkynysh» HK daşary ýurtly telekeçileri özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Kärhana önümleriň giň toplumyny hödürleýär: azyk önümlerini saklamak üçin polipropilen haltalar, aýratyn sargytlar boýunça halta tikmek üçin rulonlar, big-begler.

«Rowachpack» polipropilen gaplar hatda daşamagyň we saklamagyň iň kyn şertlerinde hem önümleriň goraglylygyny üpjün edýär. Mundan başga-da, material zyýanly maddalary bölüp çykarmaýar we gaýtadan işlemek üçin ýaramlydyr.

«Rowachlan Galkynysh» adaty önümlerden başga-da, müşderileriň talaplaryny göz öňünde tutup, aýratyn sargytlar boýunça ýumşak polipropilen torbalary tikmek hyzmatyny teklip edýär.

Önümler we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada has köp maglumat almak isleýärsiňizmi?

«Rowachlan Galkynysh» bilen şu telefonlar arkaly habarlaşyň: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 ýa-da e-mail salgysyna ýazyň: rowachpack@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň