«Matç TW» abraýly «Ýüpek ýoly ― 2024» halkara rallisine türkmenistanly toparlaryň hem gatnaşjakdygyny habar berdi. Ýaryşa bäş döwletden ― Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Mongoliýadan we Belarus Respublikasyndan 17 topar gatnaşýar.
Ýaryş bäş derejede ― motowezdehodlaryň, ýeňil ulaglaryň, ýük ulaglarynyň, motosiklleriň we kwadrosiklleriň arasynda geçiriler. Oňa jemi 67 ulagyň gatnaşmagyna garaşylýar.5 ― 15-nji iýul aralygynda geçiriljek halkara ralli ýaryşy Russiýanyň we Mongoliýanyň içinden geçer. 5257 kilometrlik ýol Russiýanyň Tom şäherinden başlap, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlanar.
Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan T2 görnüşli ulaglar bilen dört toparda gatnaşýar. Olar:
- Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (220-nji başlangyç belgili, «Nissan Patrol»);
- Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow (221, «Nissan Patrol»);
- Meýlis Abdyllaýew, Italmaz Çaryýew (225, «Nissan Patrol»);
- Şamyrat we Muhammetmyrat Gurbanowlar (226, «Toyota Land Cruiser»).
Şu ýyl «Ýüpek ýoly» özüniň 15 ýyllygyny belleýär. Ralli ýaryşy ilkinji gezek 2009-njy ýylda Kazan ― Aşgabat aralygynda geçirilipdi.