Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Türkmenistana gelýär

13:4924.06.2024
0
9467

24 — 26-njy iýunda Pakistanyň senagat we önümçilik ministri Ran Tanwir Huseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Türkmenstanda saparda bolar. Bu barada «Associated Press of Pakistan» neşirine salgylanyp, «Большая Азия» habar berýär.

Saparyň maksady ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri öwrenmekden ybaratdyr.

20-nji iýunda ministr R.T.Huseýn bilen Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň arasynda geçirilen duşuşykda saparyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

R.T.Huseýn iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň resmi Yslamabat üçin ileri tutulýan ugurdygyny we bu saparyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Çeşmäniň habar bermegine görä, türkmen diplomaty özara söwda we maýa goýumlaryny ösdürmek üçin bilelikdäki söwda sergisini guramagy teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň