Top.Mail.Ru

Rowaýata öwrülen «Hor Tureskogo» topary Aşgabatda konsert berer

13:2621.06.2024
0
24205

26-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň «Hor Tureskogo» topary Aşgabat şäherinde öz konsert programmalary bilen çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda «2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Russiýa Federasiýasynyň belli aýdym-saz topary bolan «Hor Tureskogo» topary, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde öz konsert programmalary bilen çykyş eder» diýilýär.

Konserte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda, sagat 16:00-da hem-de 19:00-da tomaşa edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 48-96-83.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň