Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

09:0408.06.2024
0
7499

Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi geçirildi, Aşgabatda Türkmen-emirlikler işewürlik forumy geçiriler, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana gelip görer we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy. taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2. 24-25-nji iýunda Aşgabatda Türkmen-emirlikler işewürlik forumy geçiriler. Forumy geçirmek barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hamelini arasynda bolan duşuşykda ylalaşyk gazanyldy. Forum iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary giňeltmek we söwda, maýa goýum, energetika, ulag, gurluşyk, oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

3. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol geljek hepde Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar. Alty günlük sapar 10-njy iýunda başlanar we Merkezi Aziýanyň üç ýurduny öz içine alar. Prezidente aýaly, ýurduň birinji hanymy Kim Kong Kon Hi ýoldaş bolar.

4. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Ýaňy-ýakynda bu ýere ýurduň ähli künjeklerinden körpeleriň uly topary geldi. Ilkinji dynç alýanlar hem bu ýere gelýärler, sebäbi «Awaza» maşgala dynç alyşy üçin ajaýyp ýer. Dürli derejeli myhmanhanalaryň, kottežleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 34-si hem-de «Awaza» şypahanasy raýatlara ýokary derejede hyzmat edýär

5. «Tornado awçysy» lakamy bilen meşhur bolan amerikaly gözlegçi Jorj Kurunis 5-6-njy iýunda Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahata onlaýn görnüşde gatnaşdy. Gözlegçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Derwezedäki gaz kraterinden atmosfera bölünip çykýan zyýanly gazlary azaltmak boýunça edýän tagallalarynyň üstünligini nygtady.

6. Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demirýollary «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde Owganystana ynsanperwer ýükleriň baryp gowuşmagy güýçlerini birleşdirýärler. Türkiýäniň ýükleri ýurduň iň esasy logistika merkezi Etrek stansiýasynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.

Dünýäde

7. «Tesla-nyň» direktorlar geňeşiniň başlygy Robin Denholm kompaniýanyň paýdarlaryny baş direktor Ilon Maska 56 milliard dollarlyk ägirt uly kompensasiýa bukjasyny tassyklamaga çagyrdy. Bu Delawer kazyýetiniň ilkinji tassyklamany «düýpli kemçilikli» hasaplap, ony ýatyranyndan soň ikinji synanyşykdyr. Denholm Maskyň adatdan daşary ýolbaşçydygyny, «Tesla-nyň» bolsa adatdan daşary kompaniýadygyny, şonuň üçin ýokary ýolbaşçylary höweslendirmegiň adaty usullarynyň bu ýerde işlemeýändigini aýtdy. Maskyň «Tesla» bilen beýleki köp sanly taslamasynyň arasynda saýlaw hukugynyň bardygyny belleýär. Eger «Tesla-nyň» paýdarlary kompensasiýa bukjasyny tassyklamasa, Mask gidip biler.

8. Pekinde Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça strategiki taslamany durmuşa geçirmek baradaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu çärä üç ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary wideo aragatnaşyk görnüşinde gatnaşdylar. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu demir ýoluň Hytaýy sebit bilen birleşdirýän iň gysga ýerüsti ugra öwrüljekdigini aýtdy. Geljekde bu ýol geljegi uly Transowgan geçelgesiniň üsti bilen Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Sport habarlary

9. Futbol dünýäsiniň iň abraýly baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Pariž şäherinde geçiriler. «Altyn top» baýragy «France Footbal» tarapyndan 1956-njy ýyldan bäri her ýyl berlip gelinýär we futbolçynyň ajaýyp üstünlikleri we gaýtalanmajak zehini üçin alyp biljek iň abraýly baýragy hasaplanýar. Bu möwsümiň baýraklaryna dalaşgärler 4-nji sentýabrda yglan ediler. «Altyn topuň» häzirki eýesi argentinaly Lionel Messidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň