Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

10:5506.06.2024
1
11515

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde sekiz sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze mobil goşundy işe girizildi, Aşgabatda TESC 2024 halkara ylmy maslahaty öz işine başlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Daşoguz welaýatynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik beketlerini işe girizemk dabarasy boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

2. Daşoguzda sekiz sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Bagtly täze ýaşaýjylara ýaşamak üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýynyň açarlary gowşuryldy. Jemi 80 öý üçin niýetlenen dört sany 4 gatly bina S.Türkmenbaşy şaýoly bilen Alp Arslan köçesiniň çatrygynda guruldy. Olary Daşoguz şäheriniň häkimliginiň buýurmasy esasynda «Derkar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina etdiler. Giň öýlerde eýwan we degişli kömekçi otaglar bar. Jaýlaryň biriniň birinji gaty dükanlar üçin niýetlenendir, bu bolsa ýaşaýjylara goşmaça amatlylyk döredýär.

3. Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün bozulmalarynyň jerimelerini tölemek üçin «Galkan» atly täze mobil goşundy işe girizildi. Goşundy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan işlenip düzüldi.

4. Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Halkara forumyň maksady jemgyýetçiligiň ünsüni ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmek bilen bagly meselelere gönükdirmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylaryň esasy ünsi uglewodorodlar gaýtadan işlenende we energetiki geçiş döwründe daşky gurşawa zyňylýan zyňyndylary azaltmaga gönükdiriler. Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 31 döwletinden 250-den gowrak alymlar, barlagçylar we hünärmenler hasaba alyndy.

5. 5-nji iýunda Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko orbital uçuşlarda geçiren umumy wagty boýunça kosmonawtlaryň taryhynda täze rekord goýdy: ol kosmosda 1000 gün boldy. Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda bolup, kosmosa bäşinji uçuşyny amala aşyrýar.

6. Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ (emeli böwrek) enjamy sowgat berildi.

7. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Şu mynasybetli ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini, kitaby döredenleri we ähli watandaşlaryny gutlady. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Dünýäde

8. Günorta Afrika soňky 40 ýylda ilkinji gezek güýçli gar ýagdy. Port şäheri Keýptaun gar bilen örtüldi. Käbirleri üçin bu gyş ertekisine, käbirleri üçin hakyky kynçylyga öwrüldi. Howanyň sowamagyndan öň kenar ýakasynyň köp böleginde tupan bolup, birnäçe adam dereksiz ýitdi. Sinoptikler howa howpunyň «mämişi» derejesini yglan etdiler.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow Özbegistana garşy geçiriljek oýun barada pikirlerini paýlaşdylar. Duşuşykdan öňki metbugat maslahatynda Orazow Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasynyň mähirli garşylanandygyny belläp, oýunçylaryň gowy taýýarlyk görendiklerini mälim etdi. – Geçen oýunlarda Özbegistana garşy özümiziň nähili oýnamaga ukyplydygymyzy görkezipdik. Özbegistan güýçli milli ýygyndy. Düzüminde ýokary derejedäki oýunçylar bar. Biziň goragda oňat oýnamagymyz we pursatlarymyzdan peýdalanmagymyz gerek» diýip, baş tälimçi belledi. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky oýun şu gün Daşkende 19:30-da geçiriler. Meýdançanyň eýeleri ak köýnekçede, myhmanlar bolsa ýaşyl köýnekçede çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň