Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazaryň türkmen kenarynda şu ýylyň ilkinji düwlenleri peýda boldy

09:1903.05.2024
0
15092

Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda şu ýyl ilkinji gezek düwlenler hasaba alyndy. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysyna haýwanlara yzygiderli gözegçilik edýän Hazar goraghanasynyň zoology we geňeşçisi Aleksandr Şerbina aýtdy.

Zoologyň bellemegine görä, şu ýyl, takmynan, 20 başdan ybarat ilkinji düwlen sürüsi 25-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda görlüpdir.

«Hazar düwleniniň ýaşaýyş tertibi diýseň düşnüklidir. Demirgazyk Hazaryň buzly adalarynda ýaşaýan düwlenler täze nesli dünýä inenden soň, iýmite baý bolan Merkezi we Günorta Hazaryň ýyly suwlaryna göçüp başlaýar. Olar bu ýerde ýag ätiýaçlyklaryny köpeldýärler» diýip, Aleksandr Şerbina gürrüň berýär.

Hazar düwleni ýylyň ýaz-tomus aýlarynda Hazar deňziniň orta we günorta böleginde, ýagny Ogurjaly adasynyň kenarlarynda, açyk suw giňişliklerinde gezýär, howanyň ýyly döwri bu ýerler balyklaryň sürüsidir suw leňňeçlerini awlamak üçin amatly hasaplanylýar. Güýzüne bolsa olar deňziň demirgazyk-gündogar böleginde toplanýarlar we şol ýerde gyşlaýarlar.

Düwlenler bir wagtlar Hazar deňzinde örän köp ýaýrapdyr. Mysal üçin, düwlenler 20-nji asyryň başynda 1 milliona çenli ýeten bolsa, häzirki wagtda dürli hasaplamalara görä 43-den 66 müň başa çenli azalypdyr.

2011-nji ýyldan bäri Hazar düwleni Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi we döwlet tarapyndan goralýar. Hazar goraghanasynda düwlenleri öwrenmek üçin yzygiderli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň