Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar informatika boýunça halkara olimpiadada 10 sany altyn medala mynasyp boldular

14:1021.04.2024
0
17400

Aşgabatda 15 — 19-njy aprel aralygynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadada türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen talyplary 10 sany altyn, jemi bolsa 43 medala mynasyp boldular.

Ikinji orna 17 medal gazanan rus talyplarynyň topary ýerleşdi. Üçünji orun bolsa 10 medala mynasyp bolan HHR-iň toparyna nesip etdi. Bu barada «vestiabad» habar berýär.

Halkara olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralyp, oňa 18 döwletden talyplar gatnaşdylar.

Olimpiadada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi.

Olimpiadanyň ikinji tapgyrynda talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuş hödürlenildi.

Olimpiada gatnaşyjylar üçin arheologiki ýadygärlikleri we baý taryhy mirasy bilen meşhur bolan Nusaýa gezelenç guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň