Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öňümizdäki hepdäniň ýagynsyz bolmagyna garaşylýar

21:0614.04.2024
0
10105

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalaryna görä, ýakyn bir hepdede ýurtda, esasan, ýagynsyz howa bolar.

Howanyň temperaturasy kem-kemden ýokarlanar. Hepdäniň başynda Aşgabatda gündizine +23, gijesine +13 gradus bolar, hepdäniň ahyrynda bolsa gündiz howanyň temperaturasy +30 gradus çenli ýokarlanyp biler. Howa gijesine +20 gradus bolar. Ýurduň welaýatlarynda hem howa paýtagtdaky ýaly bolar diýlip garaşylýar. Şeýle-de bolsa, hepdäniň başynda Türkmenabatda az-kem ýagyş ýagmagy ahmal.

Şemalyň, esasan, demirgazyk-günbatardan öwüsmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň