«Turkish Airlines»: Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi

14:0612.04.2024
0
25007

Türkiýäniň meşhur awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibini hödürlemäge şatdyr. Ýolagçylar hepdede 11 gatnawdan peýdalanyp bilerler, bu bolsa syýahatlar meýilleşdirilende has amatlylygy üpjün edýär.

Uçuşlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy bu gatnawa bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşykldyry. «Turkish Airlines» ýolagçylaryna iň ýokary derejede hyzmat we rahatlyk, şeýle hem elýeterli bahalardan uçuşlaryň dürli görnüşlerini hödürlemegi maksat edinýär.

Ýolagçylar tagamly naharlar we uçarda göz öňünde tutulan dynç alyş maksatnamasy bilen rahat uçuşdan lezzet alyp bilerler.

«Turkish Airlines» ýolagçylaryna diňe Aşgabat bilen Stambulyň arasynda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerine hem amatly we üznüksiz gatnawlary hödürleýär.

«Turkish Airlines» tarapyndan amala aşyrylýan uçuşlara petekleri bronlamak üçin awiakompaniýanyň resmi saýtyna, şeýle hem şu salgy boýunça Aşgabat şäherindäki edarasyna ýüz tutup bilersiňiz: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Telefon (+993 61) 01 44 33. Elektron poçta salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň