21 — 26-njy aprelde Hytaýyň Şençzhenen şäherinde Russiýa-Hytaý Uniwersiteti MSU-PPI esasynda himiýa boýunça mekdep okuwçylary üçin Halkara Mendeleýew olimpiadasy geçiriler.
HHM-niň berýän habaryna görä, Awstriýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Braziliýa, Bolgariýa, Wengriýa, Eýran, Türkmenistan we beýleki Ýewropa, Aziýa ýurtlary gatnaşar.
Bu çäre ilkinji gezek GDA-nyň daşynda geçiriler. Aşgabatyň 2009-njy ýylda 43-nji Mendeleýew olimpiadasyny geçirendigini bellemelidiris.
Medallardan we şahadatnamalardan başga-da, Olimpiadanyň ýeňijileri 2024-nji ýylda ýörite baýraklar alarlar. Olimpiada gatnaşyjylar üçin berlen meseleler diňe bir himiýanyň dürli ugurlarynda güýçli teoretiki taýýarlygy däl, eýsem döredijilikli çemeleşmäni hem talap edýärler.