Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Russiýa bilen Hytaýyň Aý bekedini gurmak boýunça taslamasyna gatnaşmakçy

09:5709.04.2024
0
7694
Türkiýe Russiýa bilen Hytaýyň Aý bekedini gurmak boýunça taslamasyna gatnaşmakçy
Surat: mir24.tv

Türkiýe Halkara Aý ylmy bekedini gurmak boýunça rus-hytaý bilelikdäki taslamasyna gatnaşmak üçin arza berdi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň direktory Anatoliý Petrukowiç habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Häzirki wagtda köp ýurtlaryň bu kosmos barlaglaryna gatnaşmaga isleg bildirýändikleri habarda bellenýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýyň Milli kosmos edarasynyň baş inženeri Li Gopin Halkara Aý ylmy bekediniň 2040-njy ýylda gurlup tamamlanjakdygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň