Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçirilýär. Guraýjy tarap Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurduň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä gatnaşmaga çagyrýar. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Sergi 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji aprelinde Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň «Çandybil» şaýolunyň 143-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-70;39-88-84,83,82.