Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» AFK-nyň Kubogyna taýýarlygyny güýçlendirýär

14:5817.01.2016
0
12497

Şu gün irden Aşgabadyň Halkara howa menzilinden paýtagtyň «Altyn asyr» futbol topary Türkiýä ugrady. Topar bu ýerde okuw-türgenleşik işlerini geçirer. 

Toparyň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň «Turkmenportala» habar bermegine görä, Türkmenistanyň iki gezek çempiony bolan topar 23-nji fewralda badalga aljak AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görmek üçin Türkiýäniň Antalýa şäherinde bolar. Ol ýerde her gün iki gezekden üç gezege çenli türgenleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Şeýle hem topar iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär, olaryň biri 24-nji ýanwarda Ýewropa Ligasynda çykyş edýän «Rabotniçki» (Makedoniýa) topary bilen bolar.

«Altyn asyr» Aşgabatdaky türgenleşiklerine 4-nji ýanwarda başlady. Täze möwsümiň bosagasynda toparyň düzüminde käbir üýtgeşmeler hem boldy. 6 oýunçy — goragçylar Parahat Jumanazarow, Nazar Çöliýew, Azat Orazmuhammedow, ýarym goragçylar Nazim Rahimow, Döwlet Durdyýew we hüjümçi Didar Hajyýew dagylar öňümizdäki möwsümde «aragatnaşykçylaryň» düzüminde çykyş etmez.

Toparyň düzümi beýleki toparlardan 7 oýunçyny goşmak arkaly güýçlendirildi. Derwezäniň goragyna geçen möwsümde «Ahal» toparynda çykyş eden, milli ýygyndymyzyň esasy derwezewany Nikita Gorbunow çagyryldy. Mundan başga-da, goragçylar Akmyrat Jumanazarow (HTTU-dan), Zafar Babajanow («Ahaldan»), ýarym goragçylar Amir Gurbany («Balkandan»), Yhlas Magtymow («Şagadamdan»), hüjümçiler — 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi bolmagy başaran Myrat Ýagşyýew («Balkandan») we geçen ýyl «Ahal» bilen AFK-nyň Kubogynda çykyş eden, milli ýygyndymyzyň ýaş, ezber hüjümçisi, ýurdumyzyň çempionatynda 2015-nji ýyldan iň kän pökgi geçiren üçünji futbolçy Altymyrat Annadurdyýew dagylar bu ýyl «Altyn asyryň» üçünji çempionlygy hem-de AFK-nyň Kubogynda şowly çykyş etmegi üçin göreşerler. Geçen möwsümde agyr şikes sebäpli kän duşuşyga gatnaşyp bilmedik ýarym goragçy Elman Tagaýew hem täze möwsümde ýaşyl meýdana dolanar.

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn duşuşyklary 23-nji fewraldan 10-njy maýa çenli geçiriler. Eýýäm «A» toparçadan orun alan «aragatnaşykçylaryň» bäsdeşleri Iordaniýanyň «Al-Wahdat», Liwanyň «Al-Ahed» toparlary we Bahreýniň «Al-Hidd» topary bilen Pakistanyň «K-Elektrik» toparynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar. Ildeşlerimiz toparçalardaky ilkinji duşuşygyny 23-nji fewralda öz meýdanynda «Al-Ahed» bilen geçirer.

Ýatladýarys, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Balkanabadyň «Balkan» topary hem gatnaşar. Ýöne «Balkan» toparçalara düşmek üçin 9-njy fewralda Siriýanyň «Al-Wahda» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmeli bolar. Duşuşykda «Balkan» myhmançylykda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň