Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady

16:3305.03.2024
0
19601

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady. Bu merkezde:

— döwletiň hususy pudagynyň, ýuridiki şahslarynyň we raýatlaryň işewürlik taslamalaryna guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady we ekologiýa seljermesini bermek;
— maýa goýumlary çekmek we taslama işlerini durmuşa geçirmekde taraplaryň işini utgaşdyrmak boýunça degerli ýardamlary we maslahatlary bermek;
— ozal ýola goýlan, ýöne esasly sebäplere görä işi dowam edip bilmeýän işewürlere (telekeçilere) amatly şertler we täze mümkinçilikler babatda degişli kömekleridir maslahatlary bermek;
— daşary söwda gatnaşyklarynda iş alyp barjak taraplara ykdysady-dolandyryş işleri (salgyt, gümrük paçlary, aktiwler we ş.m) boýunça maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
— döwletiň hususy pudagynyň ykjam we netijeli hereket etmegi üçin ulgamyň ähli ugurlary boýunça degişli (gyzyklandyrýan) temalarda (mowzuklarda) maslahat-okuwlary hem-de göni gepleşikleri guramak, geçirmek we ş.m. boýunça işler ýola goýlan.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda).

Telefon belgisi: +993 64 88-45-98.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň