Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy»: çagalara programmirleme dünýäsini «Garward okuwlary» bilen açyň

11:3702.03.2024
0
12200

«Coddy» programmirleme mekdebi «Garward okuwlary» atlandyrylan özboluşly okuwy hödürleýär. Ol çagalar üçin şu mümkinçilikleri açar:

• Python, C ++, C# we JavaScript dilleriniň esaslaryny bir okuwda özleşdirmek.
• ilkinji programmalaryňy, oýunlaryňy we mobil goşundylaryňy döretmek.
• algoritmleriň işiniň ýörelgelerine we maglumatlaryň gurluşlaryna düşünmek.
• logiki pikirlenmegi we meseleleri çözmek başarnyklaryny ösdürmek.
• IT ulgamynda zähmet ýoluna ilkinji üstünlikli gadam goýmak.

«Coddy» mekdebiniň hünärmenleri näme üçin bu okuwy saýlamalydygy barada aýtdylar:

- bu okuw 4 sany programmirleme diliniň (Python, C ++, C# we JavaScript) esaslaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

- teoriýa amaly başarnyklar hem-de meseleler bilen utgaşdyrylýar, bu bolsa çagalara diňe bir materialy özleşdirmäge däl-de, eýsem ony iş ýüzünde nähili ulanmalydygyny öwrenmäge şert döredýär.

- bu okuw islendik derejeli taýýarlygy bolan 12 ýaşly çagalar üçin.

- her bir çaga üçin aýratyn çemeleşme ulanylýar. Bu hem materialy mümkin boldugyça ýeňil özleşdirmäge ýardam edýär.

Okuwy tamamlanlaryndan soň, çagalar bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamany, şeýle hem ýerine ýetiren işleriniň portfoliosyny alarlar.

Mundan başga-da, «Coddy» mekdebinde edil häzirki günlerde gyzjagazlar üçin 51% arzanladyş dowam edýär.

Okuwa ýazylmak üçin: (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 91 telefon belgilerine jaň edip ýa-da salgylanma girip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň