Soňky habarlar

Arhiw

16-njy martda Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berler

05:5902.03.2024
0
17131

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün --- 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň