Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi

16:4528.02.2024
0
37211

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň Aşgabat we Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Döwlet bäsleşiginiň bu tapgyryna okuw merkezlerinde ýeňiji bolan diňleýjiler gatnaşdylar.

Bäsleşik iňlis we rus dilleri boýunça geçirildi. Her dil boýunça olimpiada gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklary boýunça 3 topara bölündiler. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna iňlis dili boýunça 101, rus dili boýunça bolsa 66 sany okuwçy gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede:

• «Kämil bilim» okuw merkezinden 13 diňleýji;
• «Zehin ýoly» okuw merkezinden 12 diňleýji;
• «Gujurly bilim merkezinden» 6 diňleýji;
• «Dana» bilim merkezinden 3 diňleýji;
• TSTB Telekeçiler merkezinden 2 diňleýji;
• «Bilim çeşmesi» okuw merkezi 1 diňleýji
bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek Döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň Döwlet tapgyry 2024-nji ýylyň 10-njy martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň