Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Demirgazyk Horasan welaýatynda birnäçe duşuşyklary geçirdi

10:4726.02.2024
0
23106

Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Mohammad Hossein Nejadyň çakylygynyň esasynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 2024-nji ýylyň 21 — 23-nji fewraly aralygynda Demirgazyk Horasan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde, türkmen wekiliýeti maksatnama laýyklykda, Bojnurd şäheriniň Baba Aman parkyna, Serdar Mofaham aýnahanasy muzeýine, Antropologiýa muzeýine we «Ak altyn» söwda merkezine baryp gördi, şeýle hem söwda merkeziň çäginde taýýarlanylan Demirgazyk Horasan welaýatynyň eksport harytlarynyň sergisini synlady. Şeýle-de Saglygy goraýyş we ylym bilim ugurlary boýunça Yslamy Azad uniwersitetiniň Bojnurd şahamçasyna, Ymam Hasan hassahanasyna hem-de Demirgazyk Horasan welaýatynyň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetine baryp, bu ýerlerde işiň guralyşy bilen tanyşdy. Senagat we oba hojalyk ulgamlary boýunça wekiliýet welaýatyň nebit-himiýa zawodyna, Khorram oba-hojalyk toplumyna, Hatfi ýyladyşhanasyna baryp gördi.

Saparyň dowamynda, Ahal welaýatynyň häkimi bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň, Yslamy Azad uniwersitetiniň rektorynyň, Saglygy goraýyş ulgamy boýunça welaýatyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen duşuşyklarda Ahal welaýat häkimligi bilen Horasan Şamali welaýatynyň häkimliginiň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda birek-birege degişli teklipler hödürlendi. Bu babatda türkmen tarapy medeni ugurlarda iki welaýatyň muzeýleriniň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, Senagat kärhanalarynyň arasynda hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklaryny öwrenmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyklar geçirmek ýaly teklipleri öňe sürdi.

Eýran tarapy Demirgazyk Horasan welaýatynyň çäginde milleti türkmen bolan Eýranyň raýatlarynyň sanynyň köpdügini nazara alyp iki welaýatyň arasynda serhet geçelgesini açmak meselesini öwrenmek, bilelikde Bedew atlarynyň gözellik bäsleşigini geçirmek, saglyk syýahatçylygyny ösdürmek, Ahal welaýatynyň oba-hojalygy ulgamynda damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek, azot dökünlerini «swap» görnüşinde eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara eksport etmek mümkinçilikleri barada teklipleri hödürledi.

Duşuşyklaryň ahyrynda, türkmen tarapynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem-de Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby eýran tarapyna ýadygärlik hökmünde gowşuryldy.

Şeýle hem, wekiliýetiň düzüminde Ahal welaýatynyň hususy ulgamynyň wekilleri hem gatnaşyp, Demirgazyk Horasan welaýatyň iri senagat edaralaryna baryp gördüler, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda eksport import mümkinçilikleri boýunça duşuşyklary geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň