Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» kluby türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi.
30 ýaşly Muhadow «Olimp» sport mekdebiniň uçurymy bolup, ol öz karýerasynyň dowamynda Türkmenistanyň «HTTU», «Alty Asyr» hem-de «Ahal» toparlarynyň düzüminde çykyş etdi. Ol 2014-nji ýylda «HTTU» bilen AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýeledi hem-de ýaryşyň «iň gowy oýunçysy» we «iň netijeli hüjümçisi» (11 gol) diýlip ykrar edildi.
Süleýman Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2012-nji ýylda Wýetnama garşy ýoldaşlyk duşuşygynda debýut etdi.
«Abdyş-Ata» geçmezden ozal Süleýman Muhadow Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparynda çykyş edip, Gyrgyzystanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.
Süleýman täze toparynda ildeşi Teýmur Çaryýew bilen AFK Kubogynyň 2023-/24-nji ýylky möwsüminiň sebitleýin finalyna çykmak üçin göreşer. «Abdyş-Ata» sebitleýin ýarym finalda Taýwanyň «Taýçung Futuro» topary bilen güýç synanyşar.