Top.Mail.Ru

Türkmen ilçisi Şri-Lankanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

11:5702.02.2024
0
34037
Türkmen ilçisi Şri-Lankanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Surat: slmfa.gov.lk

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldinazarow 1-nji fewralda Şri-Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, ilçiŞ.Geldinazarow şol bir wagtda ýurduň Şri-Lanka Sosialistik Respublikasyndaky diplomatik wekili wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Şri-Lankadaky ilçisiniň oturýan ýeri Nýu-Deli şäherinde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň