Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistandaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Şri-Lankada diplomatik wezipäni ýerine ýetirer

22:3911.12.2023
0
24625

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldinazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň