Top.Mail.Ru

«Howdan» gümrük nokady 2023-nji ýylyň iň gowy gümrük nokady diýlip saýlandy

17:0629.01.2024
0
23225

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň gümrük nokady» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde, şeýle-de 2023-nji ýylyň dowamynda aýratyn ýokary görkezijileri we gulluk işleri nazara alnyp, gullugyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Howdan awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Howdan» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi. Gümrük nokadynyň müdirine degişli şahadatnama gowşuryldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde Watançylyk mazmunly çärelere giň gerim berildi. Gullugyň hukuk tertibini, kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen aýratyn netijeleri boýunça Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň