Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekişdiler

12:2723.01.2024
0
38795

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi.

Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilenlerden başga, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Soka Uniwersitetiniň rektory, «Nippon» gaznasynyň başlygy we Ýaponiýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen gepleşikleri geçirdiler.

Saparyň dowamynda indiki resminamalara gol çekildi:

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Soka Uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň