Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, görkezilen taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň, «Saglyk» seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklaryna, lukmançylyk edaralarynyň klasterine dahylly nyşanlaryň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň, binalaryň şekil taslamalarynyň taýýarlanylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna bolşy ýaly, önümçiligiň nyşanlaryna we hil derejesine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde işleýän ýaş mugallymlaryň we talyplaryň täzeçil pikirleridir teklipleriniň işjeň peýdalanylmalydygy bellenildi.
Gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda täzeçil tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň önümçilik kuwwatlyklaryna niýetlenilen güwänamalaryň, önümçiligiň söwda nyşanlarynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli we häzirki zamanyň talaby esasynda çemeleşilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda häzirki zamanyň täzeçil ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.