Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG: dünýäde çilimkeşler azalýar

09:5519.01.2024
0
22973

Dünýäde çilim çekýänleriň sany azalýar diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy habar berdi.

Guramanyň maglumatlaryna görä, häzir dünýäde uly ýaşlylaryň bir milliarddan gowragy temmäkä garaşlydyr. Emma bu 2022-nji ýyldakydan 19 million adam azdyr. Degişli nutukda bellenişine görä, 150 sany ýurtda temmäki önümleriň sarp edilişini azaltmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda aýratyn hem Braziliýa we Niderlandlar öňdeligi saklaýarlar. Bu ýurtlar soňky 14 ýylda çilimkeşligiň 35 göterim derejede azalmagyny gazandylar. Şol bir wagtda çilimkeşleriň iň köp ýeri Günorta-Gündogar

Aziýadyr, ol ýerde ilatyň üçden bir bölegi çilim çekýär. Ikinji orunda Ýewropa diýip, guramanyň maglumatlaryna salgylanýan «24.kz» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň