Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝB bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

16:3618.01.2024
0
24448
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: mfa.gov.tm

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda öwrenmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän «Erazmus +» maksatnamasyna aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar ulag hyzmatdaşlygy meselelerini, şol sanda Brýusselde ýakyn wagtda geçiriljek Maýa goýum forumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 29-30-njy ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forum Türkmenistanyň ulag pudagyna ýewropaly maýa goýumlary çekmek üçin döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň