Şu gün – 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen — 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de bu edaralaryň öňünde durýan, ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Mundan başga-da, mejlisiň barşynda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işlerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýyl alnyp barlan işler hem-de olaryň netijeleri, şol sanda degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda käbir guramaçylyk meselelerine hem seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek bilen bagly degişli Permanlara-da gol çekdi.
– Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýäris. Biz alyp barýan bu işlerimizi mundan beýläk hem dowam ederis – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde aýtdy.