Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polisiýanyň polkownigi M.Hydyrow polisiýanyň general-maýory ýörite adyny aldy

02:2517.01.2024
0
36107

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Muhammet Allamyradowiç Hydyrowa polisiýanyň general-maýory ýörite ady dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň