15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanda 2024—2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşygyň maksady ýurtda ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine seretmekden ybarat boldy.
Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň ýerli derejede durmuş hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.
Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem gatnaşyp, durmuş hyzmatlar ulgamynda milli maksatnamalary ösdürmekde ýurduň BMG-niň guramalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýtdy. Täze maksatnama taýýarlanylanda, oňa BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň we onuň esasy görkezijileriniň ornaşdyrylmalydygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistan bilen BMG-niň durmuşy syýasaty babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.