10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzalary, şol sanda Saparmämmet Meredow, Merjen Amangylyjowa, Orazgylyç Öwezow, Işanguly Işangulyýew, Tuwak Sähedowa, Rustam Abdullaýew, Aýjahan Babatäjowa dagylar özleriniň sungat eserlerini hödürlediler.
Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň eserleri hem görkezilýär. Olaryň arasynda Nurmyrat Gurdowyň, Jemal Baýmyradowyň, Kümüş Baýramgulyýewanyň, Bägül Oralowanyň, Allaberdi Atadurdyýewiň eserlerini bellemek bolar.
Sergi edilen eserlerde Magtymguly Pyragynyň keşbi, onuň ýaşan döwri we şol döwrüň taryhy wakalary çeper beýan edilýär. Şeýle hem eserleriň arasynda Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan suratlar hem bar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasynda habar berilmegine görä, sergi 19-njy ýanwara çenli dowam eder.