Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

02:3809.01.2024
0
34051

Şu gün — 8-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri kesgitlenilip, sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar.

Häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, şeýle hem ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdiler.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak hem-de olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny şu ýylyň ýazky ekişine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurduň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, şeýle hem pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýar edilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňde duran ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň