Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow Akdusyň Täze ýyl suratyny paýlaşdy

13:4408.01.2024
0
24205
Minnihanow Akdusyň Täze ýyl suratyny paýlaşdy
Surat: tatar-inform.ru

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow resmi «Telegram» sahypasynda Akdus atly alabaýynyň Täze ýyl baýramçylygyndaky suratyny köpçülige ýetirdi. Bu surat Akdusyň 2024-nji ýyldaky ilkinji suratydyr.

Teswirlerde alabaýyň muşdaklary Tatarystanyň Baştutanynyň meşhur itiniň täze suratyna hemişeki ýaly gyzgyn seslendiler. Olar Akdusy görenlerine şatdyklaryny aýdyp, onuň suratynyň paýlaşylandygy üçin sagbolsun aýtdylar.

Akdus heniz güjük mahaly, ýagny 2021-nji ýylyň maýynda Rustam Minnihanowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlipdi.

Rustam Minnihanow öz alabaýynyň suratlaryny köpçülige yzygiderli ýetirip durýar.

Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň