Soňky habarlar

Arhiw

Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy

12:0503.01.2024
0
40454
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy
Surat: gzt-news.livejournal.com

Ýaponiýanyň paýtagtynyň Haneda howa menzilinde 379 ýolagçyly «Japan Airlines» kompaniýasynyň uçarynda gonuş wagty ýangyn başlandy. Bu barada ýerli NHK teleýaýlymy habar berdi.

Ýangyn uçuş-gonuş zolagyna düşen uçary gaplap aldy.

Uçar tutuşlygyna ýandy, onuň wideogörnüşleri internetde goýuldy. Tüsse gaplan uçaryň içinden alnan şekillerde adamlaryň aljyrap, gygyryşýandygy görünýär.

Sapporo şäherinden gatnawy amala aşyran Airbus A350 uçarynyň ýolagçylarynyň arasynda ejir çekenleriň ýokdugy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň