Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapgazçykaryş» ýyllyk meýilnamany bir aý öň ýerine ýetirdi

10:5503.01.2024
0
30552

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň wekilleri 2023-nji ýylyň tebigy gazy gazyp almak boýunça meýilnamany möhletinden bir aý öň ýerine ýetirdiler. Bu barada «Nebit-Gaz» gazetinde habar berildi.

Umumylykda alanyňda, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geçen ýylky meýilnamasy 9 milliard 875 million 120 müň kub metre barabardy. Noýabr aýynyň ahyryna öndürilen tebigy gazyň mukdary 9 milliard 964,6 million kub metre ýetdi.

Munuň özi 11 aýda ýyllyk meýilnamanyň 103 göterim amal edilendigini görkezýär. Mundan başga-da, kärhana nebiti gaýtadan işleýän zawoda 36 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny hem iberdi.

Malaý gaz ýatagynyň işgärleri on bir aýyň dowamynda 5,9 milliard kub metr tebigy gaz çykaryp, umumy meýilnamanyň wagtyndan öň amal edilmegine uly goşant goşdular. Şeýle ýokary görkeziji täze gaz gysyjy stansiýanyň işe girizilmegi netijesinde gazanyldy. Bu gaz ýatagyndan alnan çig mallaryň ep-esli bölegi Türkmenistan — HHR gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberilýär.

Ýeri gelende bellesek, tebigy gazyň ýataklarynda işler depginli dowam edýär. Netijede, «mawy ýangyjyň» gündelik öndürilýän mukdary ortaça 30,5 million kub metr derejede saklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň