4-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisinde, Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda, Aşgabat şäher häkimliginde, Senagat, Ykdysady, Nebitgaz, Oba hojalyk, Söwda toplumlarynyň binalarynda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda, demir ýol ulaglary hem-de bilim ministrliklerinde döwlet sylagyna—Türkmenistanyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyna mynasyp bolan raýatlary sylaglamak dabaralary geçirildi. Ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda kabul etdiler.
