Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa boýunça gatnawlaryny dowam etdirer

13:0911.12.2023
0
55459

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dowam etdirer. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Uçuşlar üçin awiapetekleri «Turkmenistan airlines» web sahypasyndan, Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginden, şeýle hem Türkmenistandaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.

«Turkmenistan airlines» web sahypasynda Aşgabatdan Moskwa awiapetekleriň bahasy häzirki wagtda 3708,3 TMT. Petekler 15, 17, 19, 20, 26 we 27-nji dekabrda bronlamak üçin elýeterlidir.

Moskwa — Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy 3629 TMT. Häzirki wagtda awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan 15, 18, 19, 20, 26 we 28-nji dekabr üçin petekleri satyn alyp bilersiňiz.

«Turkmenportal» ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlary togtatandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň