Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parkyny giňeldip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze döwrebap ýolagçy howa gämilerini yzygiderli satyn almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boenig» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn alyndy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli döwrebap ýolagçy uçar 368 oturgyçly ýolagçy uçarlaryndan bolup, şolardan 40 biznes, 32 premium ykdysadyýet, 296 ykdysadyýet synpy we 2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendirijisi bilen ornaşdyrylandyr. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km ýetip, 40 000 kg çenli göwrümli ýükleri bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.
4-nji dekabrda «Boeing» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli täze ýolagçy howa gämisi Aşgabat halkara howa menziline gonup, ikinji ýolagçy howa gämisi ýakyn wagtlarda ýurda getiriler.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Bu häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurduň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.