Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

5-nji dekabrda Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary başlanar

01:5401.12.2023
0
53403

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurduň paýtagty Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça Türkmenistanyň söwda toplumy tarapyndan degişli çäreler görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew bu ugurda geçirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

— Onda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň