Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen sebit howpsuzlygy bilen bagly halkara maslahata gatnaşdy

16:4030.11.2023
0
20741

Türkmen wekiliýeti 29-njy noýabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Globallaşmak şertlerinde sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy tendensiýalary» atly V halkara ylmy maslahata gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan halkara maslahata BMG, TDG, ÝHHG, Halkara Gyzyl haç we Gyzyl ýarym aý, ŞHG, GDA ýaly halkara guramalarynyň, dünýäniň abraýly strategiki barlaglar merkezleriniň wekilleri, Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Belarus, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, Gazagystan, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan ýaly döwletleriň ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary harby mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda sebitdäki häzirki howpsuzlyk meseleleri, täze mümkinçilikleri gözlemek we täsirli çemeleşmeleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlarda pikir alyşmalar geçirildi.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda howpsuzlyk babatda sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi, täze ugurlary we geljegi, ýaragly güýçleriň sebitdäki harby gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we gapma-garşylyklardan soňky düzgünleşdiriş döwründe tutýan orny, döwlet serhetlerine täsir ediji dürli wehimlere garşy umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, daşky gurşaw meseleleri we olaryň sebit howpsuzlygyna täsiri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň