Top.Mail.Ru

Täze «Däp Urban Winter 23-24» kolleksiýasy satylyp başlandy

14:5027.11.2023
0
17769

Türkmenistanda egin-eşik brendiniň täze «Däp Urban Winter 23-24» kolleksiýasy satylyp başlandy.

Brendiň wekiliniň bellemegine görä, bu ýerde her bir döredilýän kolleksiýa — bu kompaniýanyň taryhynda täze bir sahypa. Bu möwsümde «Däp» brendiniň dizaýnerleri häzirki döwürde gyş kolleksiýasynda meşhur bolan sport stili bilen brende mahsus bolan rahat stili utgaşdyryp, kiçi düzüm böleklere çenli üns berdiler. Ünsüňi özüne çekiji açyk reňkdar gyzyl reňk geýim kolleksiýasynyň esasy reňkine öwrüldi.

Howanyň sowamagy bilen eşikleri saýlamagyň ölçegleri rahatlygyň we ýylylygyň peýdasyna üýtgeýär. Şeýle-de bolsa, «Däp» zenanlaryň stilini hem ýatdan çykarmaly däldigine üns çekýär. Şonuň üçin täze kolleksiýada ýyly matalar (flis, futer) we ýumşak siluetler sazlaşýar. Kolleksiýa şular girýär: owersaýz bomberler, ýubkalar, uzyn ýakaly switşotlar, şeýle hem bili we jübüsi bezegli sport jalbarlary.

Geýip görmegi we tapawutlanmagy halaýanlar üçin gyzyl reňkdäki iki metrlik şarf örän özboluşly keşbi döretmäge ýardam eder. Bu aksessuar, goý ol gündelik ýa-da baýramçylyk üçin bolsun, islendik görnüşiň üstüni göwnejaý ýetirer.

«Bu möwsümde biziň dizaýn toparymyz döwrüň ruhuny açyp görkezýän, şonuň bilen birlikde hem oňaýly we stile kybap gelýän özboluşly geýimleri döretmek isledi. Biziň pikirimizçe, bu bize başartdy. «Urban Winter 23-24» kolleksiýasynyň brendiň muşdaklarynyň göwnünden turjakdygyna ynanýarys» – diýip, «Däbiň» wekili belleýär.

Täze «Däp Urban Winter 23-24» kolleksiýasyny brendiň Aşgabatdaky öz dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz:

  • «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, B-1.32 dükany. Telefon belgisi: (+993 61) 85 77 70;
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, B57B dükany. Telefon belgisi: (+993 64) 58 73 88;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň