Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

22:1217.11.2023
0
25927
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda BAE-de Türkmenistan bilen däp bolan, okgunly ösýän dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň netijeli türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutany BAE-niň energetika we infrastruktura ministriniň şu saparynyň hem-de onuň türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda uzak möhletli, özara bähbitli häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň berk esaslaryna, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň BAE bilen ýangyç-energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy barada aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga hem-de olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň