Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti oba hojalygy boýunça dünýäniň iň iri sergileriň birine gatnaşýar

13:3814.11.2023
0
17445

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri hem-de Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzalary Germaniýanyň Gannower şäherinde geçirilen oba hojalygy boýunça dünýäniň iň iri forumlarynyň biri bolan «AGRITECHNICA – 2023» sergisine gatnaşýar.

12-18-nji noýabr aralygynda geçirilýän sergi 53 döwletden 2700-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Foruma 135 ýurtdan 400 müň töweregi adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Sergä gatnaşmagyň çäklerinde türkmen wekiliýeti forumyň dowamynda obasneagat toplumyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşar. Şeýle tehnologiýalaryň ýurduň oba hojalygynda giňden ulanylmagy pudayň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 – 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar. Saparyň maksady jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan, tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmakdan ybarat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň