Türkmenistan BSGG-niň ýene bir güwänamasyna mynasyp boldy

21:5906.11.2023
0
21246

Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasyna mynasyp boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Şu gün bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala gelendigi bellenildi. Şeýle-de ilatyň kesellemek derejesini peseltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde immunizasiýa boýunça öňdäki orunlary eýeleýändigi barada aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň