Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«OKTAWA» Býurosynyň ýolbaşçysy GDA-nyň çäginde rus diliniň integrasiýa roluna bagyşlanan halkara maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi

15:3806.11.2023
0
32456

26-27-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda (Russiýa) geçirilen «Rus dili — GDA sebitinde integrasiýa gepleşiň esasy» atly halkara maslahatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda rus diliniň öwrenilmegi, terjimeçileriň işi hem-de ýuridik lingwistikasy ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň çakylygy boýunça bu forumyň işine «OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň başlygy Serdar Gurbansähedow gatnaşdy.

Halkara maslahat, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan Milletara aragatnaşyk dili hökmünde rus dili yglan edilen ýylyň, möhüm wakasyna öwrüldi we Newa derýasyndaky şäherde döwletleriň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji, şeýle-de degişli edaralarynyň — GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ýöriteleşdirilen medeni, ylmy we bilim edaralarynyň, halkara guramalaryň, işewürlik hem-de akademiki jemgyýetleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Tawr köşgünde we GDA-nyň PA-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen plenar mejlisleriň, şeýle hem «tegelek stollaryň» guramaçylary hökmünde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi, Russiýanyň milli kitaphanasy, B.N.Ýeltsin adyndaky Prezident kitaphanasy, Rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň halkara birleşigi, Resminamalar we maglumat jedelleri boýunça dilçiler-bilermenler birleşmesi, şeýle hem Russiýanyň iri ylmy-barlaggözleg institutlary hem-de ýokary okuw mekdepleri çykyş etdiler.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary şulardan ybarat boldy: GDA-nyň giňişliginde ýurtlaryň özara gatnaşyklar ulgamynda terjime dili hökmünde rus diliniň häzirki ýagdaýy, onuň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk çygrynda potensialy, bilim ulgamynda işlemeginiň görkezijileri, integrasiýa mümkinçilikleri, Internetde we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmagyň geljegi we derejesi, şeýle hem ýuridik lingwistikanyň möhüm meseleleri, ylmyň, tehnikanyň, ykdysadyýetiň, medeniýetiň, häzirki ugurlary boýunça adalgalaryň we gollanmalaryň köp dilli sözlügini döretmek, terjimeçileri taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamyny emele getirmek.

Maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji kararnama kabul edildi. Forumyň çäklerinde tematiki sergi guraldy.

Russiýanyň Terjimeler Bileleşigi tarapyndan guralan «Rus dili — GDA giňişliginde terjime dili hökmünde» atly halkara maslahatyň tematiki «tegelek stoluň» mejlisinde eden çykyşynda «OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň başlygy Serdar Gurbansähedow rus diliniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pudaklarynda, kanun çykaryjy ulgamda, işleýşini, nygtamak bilen, onuň Türkmenistandaky ýagdaýy barada, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň iş tejribesini hasaba almak bilen, pudaklaýyn terjimäniň instituallaşdyrylmagy barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Serdar Gurbansähedow heläkçilik lukmançylygyna lingwistik goldaw bermek meseleleri boýunça maslahata hem gatnaşdy.

«OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň 2016-njy ýylda döredilendigini we Türkmenistanda öz hünär pudagynda öňdebaryjy bolup durýandygyny ýatladýarys. «OKTAWA» öz işine ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri, şol sanda degişli dillerde gepleýänleri çekip, bir kysymly hukuk resminamalaryny içine almak bilen dürli görnüşli tekstleri dünýäniň 40 diline ýazmaça terjime etmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Ondan başga-da Türkmenistandaky hem-de golaý we uzak daşary ýurtlardaky konsullyk wekilhanalaryna tabşyrmak üçin müşderileriň şahsy resminamalaryny apostilirlemek we kanunlaşdyrmak, şeýle hem maslahat bermek işleri Býuronyň iň meşhur ugurlary bolup durýar.

Işiň sowatly, ýokary hünär taýýarlykly guralyşy, şahsy çemeleşme we gizlinligiň üpjün edilişi, resminamalary taýýarlamak üçin halkara standartlaryň we kadalaryň bilimi, «OKTAWA» býurosyna köp sanly müşderileri çekýär. «OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň hyzmatlaryny daşary ýurtlaryň diplomatic wekilhanalary hem-de Türkmenistandaky wekilhanalar maslahat berýärler.

Serdar Gurbansähedow Russiýanyň terjimeçiler birleleşiginiň, şeýle hem Terjimeçileriň milli ligasynyň (Russiýa Federasiýasy) agzasydyr. 2022-nji ýylda Serdar Gurbansähedowyň ýolbaşçylygyndaky kärhana, Russiýa Federasiýasynyň iň uly terjime kompaniýalarynyň sanawynda 74-nji orny eýeledi.

Şu salgy boýunça ýüz tutup, «OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň müşderisi bolup bilersiňiz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri., Arçabil şaýoly, 80-nji jaý. Elektron poçta salgysy: serdark@oktawa-tm.com. Telefon belgileri: (+993 61) 80 50 70; (+993 61) 80 50 60.

Web saýty: www.oktawa-tm.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň