Mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi temasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi

10:5720.10.2023
0
26877

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly temada «Tebigat gözelligi — 2030» atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär.

Mekdep okuwçylary özleriniň A4/A3 formatly kagyz ýüzüne çeken surat işlerini 1-nji noýabrda çenli Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýynda ýerleşýän Halkara gatnaşyklary istitutyna tabşyrmalydyr. Suratyň arka ýüzünde awtoryň ady, familiýasy, okaýan mekdebiniň salgysy, synpy we telefon belgileri görkezilmelidir.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary bilen bilelikde ýurduň sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahatlary guraýar. 3-nji noýabrda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda bu çäreleriň jemleýji maslahaty guralar.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlar maslahata gatnaşyp, ýadygärlik sowgatlaryna eýe bolarlar. Bu barada Orient ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň