Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus ekspedisiýasy Türkmenistanyň günortasynda gazuw-agtaryş işlerine gaýtadan girişdi

14:1918.10.2023
0
20596

Dört ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistanyň günortasyndaky Ýylgynly depe şäherçesini öwrenýän rus arheologik ekspedisiýasynyň meýdan möwsümi gaýtadan başlandy. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň Halas ediş arheologiýasy Merkeziniň direktory Natalýa Solowýowanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

«Pandemiýa sebäpli dörän dört ýyllyk arakesmeden soň gazuw-agtaryş işlerine gaýtadan girişdik. Bu ýadygärlikde ajaýyp netijeler gazanylýar, sebäbi Ýylgynly depäniň ilatynyň durmuşyna çeper düşüniş nukdaýnazaryndan diňe Çatalhöýük bilen deňeşdirip bolar, bu Türkiýede özboluşly täze daş asyryna degişli ýadygärlik, bu ýerde dürli sungat eserleri bar. Bizde hem edil şonuň ýaly» diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy belleýär.

Solowýowanyň belleýşi ýaly, Ýylgynly depede ýüze çykarylan diwara çekilen suratlaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Täze möwsümde ekspedisiýa 2019-njy ýylda açylan küýzegärçilik peçleri bilen işleşer.

Ýylgynly depäniň miladydan öňki 5-nji müňýyllygyň başynda esaslandyrylandygy aýdylýar. Ol Aşgabatdan 240 km uzaklykda, Köpetdagyň eteginde ýerleşip, takmynan, 14 gektar meýdany tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň