Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» programmirleme mekdebi «Roblox» olimpiadasyny geçirer

17:2312.10.2023
0
22009

«Coddy» halkara programmirleme mekdebi 23 – 25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Roblox» olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

«Roblox» hususy oýunlaryňyzy döretmäge we olary oýnamaga mümkinçilik berýän köpugurly onlaýn platformadyr. Ol esasan hem oýunlaryň dizaýny bilen gyzyklanýan çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr.

Olimpiada gatnaşmak üçin «Roblox Studio-nyň» hasaba alnan ulanyjysy bolmak zerurdyr. Gatnaşyjylar üç adamdan ybarat toparlara bölüner.

Bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça offlaýn görnüşde geçiriler:

- skripting;

- derejeleriň dizaýny;

- modelirleme;

- animasiýa.

Bu ugurlaryň hersinde wezipeleriň ýerine ýetirilişini bahalandyrmak üçin aýratyn kriteriýalar bardyr. Emin agzalary «Roblox Studio-nyň» tejribeli işläp düzüjilerinden ybarat bolar.

Gatnaşyjylar öz taslamasynda awtorlyk hukugyny berjaý etmeli bolarlar.

Her ugur boýunça ýeňijiler diplomlar we baýraklar bilen sylaglanar. Baýraklaryň biri gatnaşyjyny «Roblox Studio» taslamasynda ilerletmek bolar.

«Roblox» olimpiadasyna gatnaşmak isleýänleri hasaba almak işleri şu salgy ýa-da telefon belgileri arkaly amala aşyrylýar: (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň