Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-awstriýa simfonik orkestri Mukamlar köşgünde konsert berer

17:1611.10.2023
0
46169

12-nji oktýabrda bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert berer.

«Turkmenportalyň» maglumatlaryna görä, konsertde milli we dünýä belli nusgawylar Nury Halmämmedowyň, Lýudwig Wan Bethoweniň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlanar. Orkestre Resul Gylyjow ýolbaşçylyk eder.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri 2009-njy ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Bu Türkmenistanyň we Awstriýanyň sazandalarynyň Ýewropadaky ýeke-täk orkestridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň